- süňňi
- Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp (ü) ýazylýar.Meselem süňňi - süňňüde, süňňüler, süňňüsi.◊ süňňi gowşak — Özünde bir hili gowşaklyk duýmak.∙ Altynyň Annagula gözi düşenden süňňi gowşady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)◊ süňňi sagat — Sagdyn bedenli, jany sag.∙ Alty sany çaganyň enesi bolsa-da onuň süňňi sagatdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)◊ süňňi ýeňil — Örän ykjam, dogumly, çalasyn hereket edýän (adam hakda).◊ süňňüň agarmak — Azap, ezýet, horluk görmek.◊ süňňüňi tutup bilmezlik — Gahardan, gorkudan we ş. m. ýaňa özüni asyda saklap bilmezlik.∙ Artyk öz süňňüňi tutup bilmeýän ýaly syzdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytyl ädim)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.